Siziň toparyňyz. Biziň platformamyz.
Umumy üstünlik!
Sanly CRM - satuw, müşderi hyzmaty we taslamalary dolandyrmak
boýunça çözgütler üçin ýönekeý, ulanyjy üçin amatly we ulaldylmak
mümkinçiligi bolan programma üpjünçiligidir.
Sanly CRM näme?
Müşderiler bilen işleşmek üçin amatly we düşnükli gural
Sanly CRM gysga gözden geçirmek
Müşderi
Müşderiniň bütin maglumatlar bazasy bir ýerder.
- Her bir müşderi üçin kartoçka
- Aragatnaşyklaryň doly taryhy
- Her bir taslama üçin aýratyn “iş”
- Hasaplar, resminamalar, bellikler, kontaktlar we ş.m
Işgärler bölümi
Doly işgär dolandyryş we hasabat Gatnaşyk, gijä galmalar, rugsatlaryň grafigi
- Her bir işgäriň jikme-jik kartoçkasy
- Gündelik gatnaşyga awtomatiki gözegçilik
- Rugsat tertibi "rugsat kwotalary"
- Işgäriň islendik döwürde alyp baran işleri barada ähli maglumatlar
Buhgalteriýa
Pul akymyna gözegçilik we hasaba almak. Söwda teklipleri, hasaplaşyk, girdejiler we çykdajylar
- Hasaplar dörediň we olary öz müşderileriňize iberiň
- Söwda tekliplerini iberiň we olara berlen jogaby yzarlaň
- Çykdajylary we girdejileri hasaba almak
- Islendik döwür üçin hasabat döretmek
Lidler - potensial müşderiler
Potensial müşderiler bilen doly iş salyşmak. Iş tapgyrlarynyň inçe sazlamalary, bildirişler, bellikler
- Potensial müşderiler bilen tapgyrlaýyn işleşmek
- Her bir potensial müşderi üçin doldurylan kartoçka
- Has giňişleýin işleşmek üçin müşderi yzarlamasy
- Lid boýunça bellikler
Önümler, sargytlar we ýüzlenmeler
Müşderiler üçin harytlaryň we hyzmatlaryň sanawy. Web sahypadan ýa-da telefon programmasyndan sargyt etmek.
- Ammardaky galyndy sany göz öňünde tutýan önümleriň katalogy
- Web sahypadan ýa-da telefon programmasyndan sargytlary kabul etmek
- Web sahypadan maglumatlary kabul etmek, başga çeşmelerden gelýän ýüzlenmeleri kesgitlemek
- Kabul edilen ýüzlenmeleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek
Aragatnaşyk
Işgärleriň CRM-iň içindäki aragatnaşygy maglumatlaryň ygtybarlylygyny üpjün eder. E-mail habarnamalaryň we hatlaryň iberilmegi iş proseslerini awtomatlaşdyrar
- Teklipleriň, hasaplaryň, töleg sargytlarynyň Sanly CRM-den iberilmegi
- Müşderilere wagty geçen hasaplar barada awtomatik habar berme
- Işgärler üçin içki çat
- Google sinhronizasiýaly senenama
Bize ýüz tutuň
Işe başlamak üçin 3 sany ýonekeý ädimler:
Bize ýüz tutuň
Has ýakyndan tanyşarys we Sanly CRM barada giňişleýin gürrüň bererisDerňew
Biz siziň kompaniýaňyzyň esasy biznes proseslerini kesgitlärisIntegrasiýa
Biziň toparymyz treningleri geçirer we tehniki we maslahat kömegini bererBularyň hemmesiniň bahasy näçe?
Biziň esasy ýörelgämiz - ähli zat Müşderi üçin. Doly funksional amatly bahadan.
Habarly boluň
Biz Sanly CRM-i yzygiderli kämilleşdirýäris we öz müşderilerimize täze mümkinçilikler barada şatlyk bilen habar berýäris
Soraglaryňyz galdymy?
Biziň müşderilerimiz köplenç gyzyklanma bildirýän soraglary:
Sanly CRM-yň demo wersiýasyny almak mümkinmi?
— Siz Sanly CRM-yň demo wersiýasyny şu salgylanma boýunça synlap bilersiňiz.
Programma bilen işleşmek üçin programmistler gerekmi?
— Ýok. Size Sanly CRM bilen işleşmek üçin goşmaça işgärler gerek bolmaz. Biz tehniki goldawy doly öz üstümize alýarys.
Sanly CRM-de näçe dil bar?
— Sanly CRM-de 3 sany dil saýlap bolýar - türkmen, rus, iňlis dilleri. Her bir işgär özi üçin amatly bolan dili saýlaýar
Ygtybarlylyk barada näme?
— Siziň ähli maglumatlaryňyz biziň serwerlerimizde ygtybarly gorag astyndadyr.
Sanly CRM-i biziň serwerimizde ýerleşdirip bolýarmy?
— Hawa. Munuň üçin siz Sanly CRM-iň “guty” görnüşini satyn almaly. Biz serweriň tehniki goldawyny üpjün ederis.